Dünýäde dowam edýän pandemiýa we Türkmenistanda ätiýaçlyk çäreleriniň güýçlenmegi netijesinde türkmen kompaniýalary gigiýena önümlerini öndürmek işiniň gerimini giňeldýärler. “Täç hil”, “Mona”, “Şa tumar”, “Mähirli dogan” öňdebaryjy öndüriji-kompaniýalar önümçiligi yzygiderli ýokarlandyrýarlar we harytlaryň toplumyny giňeldýärler.Täze önümleriň arasynda ýüzärligiň tohumyndan taýýarlanylan antibakteriýa sabynyny belläp geçmek bolar. Düzümiň esasy bölegi mikroba garşy subut edilen täsire eýe bolan alkoloid peganidinden ybarat. Eliňi sabyn bilen ýuwup bolmadyk mahalynda arassalamak üçin ulanylýan antiseptik serişdeleri we dezinfeksiýa-sanitaýzerleri has meşhur harytlar hasaplanylýar. Sanitaýzerleriň täsirliligi köp sanly barlaglar arkaly subut edildi.